Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 22.09.2023
1243

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt, köpugurly hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza özüniň mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglardyr hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi.

Biz köp zatlar baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan ýakyn goňşymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky döwletara dialogyň çuňňur hoşniýetlilik, açyklyk bilen tapawutlanýandygyny, ikitaraplaýyn gepleşiklerdäki özara ynanyşmak ýagdaýynyň bolsa möhüm meseleleri çözmek üçin tagallalaryň öz wagtynda birleşdirilmegine ýardam edýändigini aýratyn nygtady. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, abraýly halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Duşenbede we Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli çäreleriň çäklerinde guralan duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, hut şeýle gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýändigini, geljegi uly ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşligiň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi oba hojalyk, elektroenergetika pudaklaryna, nebitgaz toplumyna we beýleki ulgamlara hem degişlidir. Soňky ýyllarda sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk has işjeňleşdirildi. Işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklar üstünlikli amala aşyrylýar.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow