Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna doglan güni mynasybetli gutlaglar gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna doglan güni mynasybetli gutlaglar gelip gowuşýar
Çap edildi 22.09.2023
2246

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, parahatçylyk we abadançylyk, Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Meşhur döwlet işgäri kakaňyzyň asylly işlerini dowam etdirýän türkmen halkynyň mynasyp ogluna — Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, doganlyk Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan döredijilikli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda öňden gelýän hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berýändigimize örän şatdyryn.

Size we Siziň ýakynlaryňyza bagt, abadançylyk arzuw edýärin.

Mintimer ŞAÝMIÝEW,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan 

Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siz Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda hem öz ýurduny ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan başarjaň, güýçli erk-ygtyýarly ýolbaşçy hökmünde tanalýarsyňyz. Ykdysady kuwwaty pugtalandyrmak, ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak Siziň üýtgewsiz ileri tutýan ýörelgeleriňiz boldy we şeýle bolmagynda-da galýar.

Pursatdan peýdalanyp, GDA-nyň giňişliginde özara goşulyşmagy ösdürmek meselelerinde Siziň yzygiderli öňe sürýän garaýyşlaryňyza tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Sergeý LEBEDEW,

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Bu Hormat nyşanyna Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ähli ulgamlarda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de ösdürilmegine, halkara bileleşikde sebitiň ýurtlarynyň bähbitleriniň, başlangyçlarynyň ilerledilmegine goşan ägirt uly goşandyňyz üçin mynasyp bolandygyňyza ynanýaryn.

Beýik Biribardan Size uzak ömür, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri bagyş etmegini dileýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow