Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 26.09.2023
1949

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady we ýurdumyzyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu baýramçylyk günlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan hyzmatdaşlary Türkmenistanda mübäreklemäge şatdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň bolsa halkymyzyň abadançylygy bilen gönüden-göni baglydygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk çäreler görülýär. Bu toplumyň işine öňdebaryjy tehnologiýalar, dünýäniň iň gowy tejribesi ornaşdyrylýar. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, «John Deere» kompaniýasy bilen ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň uzak möhletli häsiýete eýedigi bellenildi. Bu kompaniýa obasenagat ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl işjeň özara gatnaşyklara 30 ýyl dolýar. Amerikan kompaniýasynyň Türkmenistana iberýän dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy köpýyllyk hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Obasenagat toplumy üçin niýetlenen «John Deere» kysymly ýöriteleşdirilen tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde netijeli işleýär. Türkmenistan üçin ýokary hünärli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak uzak möhletli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem üstünlikli dowam etdirilmegi üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we «John Deere» kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda işewür türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa düýpli we netijeli söhbetdeşlik, kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «John Deere» kompaniýasynyň özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow