Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 29.09.2023
1701

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hem-de iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine we onuň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Dostlukly täjik-türkmen gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki günde iki doganlyk halkyň bähbidine ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi guwandyryjydyr. Bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän hemişelik ünsüňiz biziň üçin gymmatlydyr.

Iň ýokary we ýokary derejelerdäki döwletara dialogyň yzygiderli esasda dowam etdirilmegini biziň hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de netijeli ilerletmegiň esasy şerti diýip hasaplaýarys. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlik hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlarymy, hakyky dostluk we hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Raşid Al Maktum,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, 

Premýer-ministri, 

Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlik hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlarymy, hakyky dostluk we hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, 

Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow