Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 03.10.2023
1361

Onuň Alyhezreti, 

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi we ähli türkmen halkyny doganlyk Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram ýurduň her bir raýatynyň, şeýle hem türki döwletleriň halklarynyň kalbynda aýratyn orun eýeleýär.

Türkmenistanyň soňky ýyllarda ýeten belent sepgitleri Siziň adyňyz bilen berk baglanyşyklydyr. Goý, türki dünýäde dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalansyn!

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistana rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin. Goý, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýy has-da belende galsyn!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Bagdad Amreýew,

Türki maýa goýum gaznasynyň prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doganlyk Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize Azerbaýjanyň we ähli Kawkazyň musulmanlarynyň salamyny we doga-dileglerini, Size hem-de doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, ösüş, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirmek hormaty meniň paýyma düşdi.

Pursatdan peýdalanyp, şu ýylyň sentýabr aýynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy mahalynda Siziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek isleýärin. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işleriňizde täze üstünlikleri dileýärin.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak we türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmek işinde Siziň hyzmatlaryňyz bimöçberdir. Siz häzirki döwrüň umumy ykrar edilen syýasy Lideri, doganlyk türkmen halkynyň Arkadagy hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak işine hem uly goşant goşýarsyňyz. Hut şoňa görä-de, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Siziň bu Hormat nyşanyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy bähbitlerini we başlangyçlaryny halkara derejesinde wagyz etmek işinde uly hyzmatlaryňyz, şeýle hem döredijilige we oňyn ösüşe gönükdirilen köpýyllyk şahsy tagallalaryňyz üçin mynasyp bolandygyňyz örän adalatly bellenildi.

Biz, hemişe bolşy ýaly, Siziň Alyhezretiňiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde aýratyn hyzmatlaryňyza ýokary baha berýäris. Siziň ünsli garaýşyňyz mende hemişe buýsanç duýgusyny döredýär we ýene-de Siziň bilen duşuşyp, parasatly gürrüňleriňizi diňlemek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Sizi we doganlyk türkmen halkyny ýene-de bir gezek Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy bilen gutlaýaryn! Beýik Biribardan Siziň Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde rowaçlyk dileýärin.

Goý, Gudraty Güýçli Allatagala biziň halklarymyzy öz penasynda aman saklasyn, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň doganlygyny müdimilik berkitsin!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade,

Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy,

GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow