Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 05.10.2023
1892

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Yzygiderli ösýän we dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orun eýelän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerinde Siziň goşandyňyz örän uludyr. Ýurduňyza öňde goýlan maksatlarda täze sepgitleri arzuw edýärin.

Doganlyk gatnaşyklary berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen halkynyň parahat, abadan durmuşyna we gülläp ösüşine gönükdirilen işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Şu ýylyň awgust aýynda güýçli suw joşgunlary zerarly ejir çeken Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalaryna iberen kömegiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Siziň goldawyňyz köp sanly adamlaryň öz öýlerini terk etmäge mejbur we gysga wagtda ähli zerur zatlaryndan mahrum bolan çylşyrymly pursadynda bahasyna ýetip bolmajak örän gymmatly kömek boldy.

Men Siziň goldawyňyzy, aladalaryňyzy çuňňur hoşallyk duýgusy bilen kabul etdim we oňa ýokary baha berýärin. Iberen ynsanperwerlik kömegiňiz ejir çeken etraplaryň ýaşaýjylaryna gowşuryldy. Kynçylyklara parhsyz garamaýandygyňyz we agyr pursatlarda kömege gelmäge taýýardygyňyz üçin Size hem-de türkmen halkyna hoşallyk bildirýärin.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Oleg Kožemýako,

Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň gubernatory.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow