Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 29.10.2023
1898

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli baýram — Türkiýe Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we ýurduň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek buýsançlydyr. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda Türkiýe Respublikasyna üstünlikli amala aşyran resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow