Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Söýgi hem hasrat» atly sahna oýny görkezildi
Medeniýet
«Söýgi hem hasrat» atly sahna oýny görkezildi
Çap edildi 16.11.2023
4567

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryň aktýorlary «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň gatnaşyjylaryna «Söýgi hem hasrat» spektaklyny hödürlediler.

Bu arap şahyry Kaýs ibn al Mulawwahanyň we Gündogaryň halk ertekileriniň esasynda döredilen meşhur aşyklar Leýliniň we Mežnunyň söýgüsi baradaky hekaýatlaryň biridir. «Söýgi hem hasrat» pýesasynyň dramaturgy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, režissýor Aýnazar Batyrow tomaşaçylara sahnada gaty täsir galdyryjy bir hekaýa hödürlemegi başardy.

Mežnunyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Berdiýew, Leýliniň keşbini Gülnabat Abdyllaýewa ýerine ýetirdiler. Aktýorlar aşyklaryň çagalykdan başlap, birek-birege bolan çäksiz mähir-muhabbetini görkezmegi başardylar: olaryň biri çagajyk wagty köp aglasa, diňe beýlekiniň ýanyna getirilmegi bilen köşeşýändigi has-da täsirli boldy.

Şeýle-de bolsa, aşyklaryň atalarynyň ýolbaşçylygyndaky taýpalaryň arasyndaky dawa sebäpli Mežnun bilen Leýlä birleşmek miýesser etmeýär. Leýliniň ölümi olaryň daşyny gurşap alan beýleki adamlaryň zalymlygyna we rehimsizligine garşy goýulýar. Horeograf Olga Wasilýewanyň balet sahnalary spektaklyň dramaturgiýasyna aýratyn goşant boldy. Şaý-sepler görnüşinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Beknazarowyň ýerine ýetiren sahna bezegi hem aýratyn täsir galdyrýar. 

Tomaşaçylar spektaklyň ähli döredijilerini mähirli el çarpyşmalar bilen gutladylar. Režissýor, dramaturg we dizaýner aktýorlara goşulyp sahna çykdylar. Gül çemenleri bilen birlikde, spektakla gatnaşyjylar ýörite Diplom we festiwalyň kubogyna eýe boldular.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow