Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Tatarystanly aktýorlar öz sungatyny görkezdiler
Medeniýet
Tatarystanly aktýorlar öz sungatyny görkezdiler
Çap edildi 15.11.2023
2606

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyna gatnaşyjylary kabul etdi. Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) aktýorlary «Gelmişek» atly sahna oýnuny görkezdiler. Onda gaýry ýurtda mekan tutan bosgunyň durmuşyndan wakalar görkezilýär. 

Spektaklyň baş gahrymany Nakip ykbalyň oýny bilen uruşdan soň Kanada düşýär. Kiçijik şäherçede öz tatar obasyndaky ýaly ýeralma ýetişdirip başlaýar. Hellowen baýramyna ýeralmadan bezeg ýasaýar. Hakydasy ony öz gününe goýmaýar. Ol kä bile söweşen esgerlerini, käte konslageri ýadyna salýar. Has beteri-de, ejesini ýatlamakdan ejir çekýär. Ejesi eginagaçly suw daşaýan owadan ýaş maşgala hökmünde aňynda janlanýardy. Elbetde, wagtdyr ýalňyz garrylyk bu zenanyň keşbini üýtgedipdi, şonuň üçinem ogly ony eli hasaly, küýkeren halda göz öňüne getirmäge çalyşýardy. 

Spektaklyň has dartgynly pursady özi ýaly «gelmişek», ýöne asly şotlandiýaly goňşusynyň ozalky sowet raýatlaryna Watanyna dolanmaga rugsat berlendigi barada habar getirmegi bolýar. Nakipiň näme etjegi belli däl. Ýöne esasy zat gelmişegiň ýat ilde başyna inýän duýgularyndady. 

Ýeri gelende, Aşgabatda geçirilýän festiwaldan soň aktýorlar toparymyzyň Türkiýede geçirilýän zenanlar dramaturgiýasy festiwalyna gatnaşmak üçin Stambula gidýändigini aýtmak gerek – diýip, Tatarystanyň sungatda at gazanan işgäri Farid Bikçantaýew söhbetdeşlikde aýtdy. – «Gelmişek» pýesasyny norwegiýaly dramaturg Sombel Gafarowa ýazdy. Bu tema oňa has ýakyndyr, çünki onuň kakasy konslagerden boşansoň, Kanadada mekan tutdy, dramaturgyň özi-de bosgunlar maşgalasyndan.

Toparymyz «Gelmişek» spektakly bilen Rumyniýada, Hytaýda, Hindistanda çykyş etdi. Gaýry ýurtlaryň tomaşaçylary ýat ildäki durmuş hekaýata duýgudaşlyk bildirdiler, oňa gowy düşündiler.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow