Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar
Jemgyýet
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar
Çap edildi 01.12.2023
2903

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýandygyny aýtdy.

«Ählumumy howa başlangyçlarynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy dowam etmäge doly ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmekde saglygy goraýyş meselelerinde biziň umumy tagallalarymyzy we bitewüligimizi tassyklamak üçin Jarnamany goldamagy wajyp hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda howanyň üýtgemeginiň täsiriniň örän uludygyny nazara almak bilen, Türkmenistan Durnukly oba hojalygy, Durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny doly goldaýandygyny belledi.

«Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin СOP28 koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjyny goldamaga taýýardyr» diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn ünsi çekdi

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara almak bilen, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa, energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejelerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyrys.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow