Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
XI Türkmen-german lukmançylyk forumy: ilatyň saglygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
XI Türkmen-german lukmançylyk forumy: ilatyň saglygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Çap edildi 14.12.2023
2743

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumy guramak baradaky ylalaşyk şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa amala aşyran saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklibine laýyklykda gazanyldy. Şu gezekki ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşykda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ylym ulgamyna dünýä lukmançylygynyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak ileri tutulyp, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň iri lukmançylyk merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk merkezlerine aýratyn orun degişlidir. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy döwletimiziň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilip başlanan bu forum geçen ýyllaryň dowamynda häzirki zaman lukmançylygynyň birnäçe esasy ugurlarynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrmak, ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimilian Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär.

German hünärmenleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ýeten sepgitlerine ýokary baha berdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan köpugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen, bu ulgam dünýä standartlarynyň derejesine çykaryldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen syýasy şygary ugur edinip, ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap ylmy-kliniki merkezler, bejeriş-öňüni alyş edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Şol merkezlerdäki häzirki zaman enjamlarynyň aglabasynyň GFR-de öndürilendigi bellenilmäge mynasypdyr.

German professorlary köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini, täze ylmy işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, innowasion ösüş ýoluna düşmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow