Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen basketbolçylary altyn we kümüş medallara mynasyp boldular
Sport
Türkmen basketbolçylary altyn we kümüş medallara mynasyp boldular
Çap edildi 29.12.2016
2362

Biziň basketbolçylarymyz Gollandiýanyň Eýndhowen şäherinde 3х3 görnüşinde geçirilen iri halkara ýaryşynda uly üstünlik gazanyp, türkmenistanly sport söýüjileriň ählisine ajaýyp Täze ýyl sowgadyny taýýarladylar: ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy topary altyn medallara, erkekler topary bolsa kümüş medallara eýe boldular. Ýaryşlaryň ýeňijileri jemleýji oýna barýan ýolda dürli ýurtlardan bolan bäş topary baýraklar ugrunda bäsleşiklerden çykmaga mejbur etdiler hem-de aýgytlaýjy oýunda ýer eýeleri - “Pendragodinnen” toparynyň oýunçylary bilen duşuşdylar. Çekeleşikli göreşde türkmen türgen gyzlary bäsdeşlerini 15:10 hasabynda ýeňmegi başardylar. Erkekleriň arasynda geçirilen deslapky bäsleşiklerde biziň basketbolçylarymyz dört duşuşykda ýeňiş gazanyp, finala çykdylar. Finalda Türkmenistanyň topary Germaniýanyň “Squad streetball” topary bilen duşuşdy. Netijede Germaniýaly türgenler bäsdeşlerinden 20:15 hasabynda üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldular. Mälim bolşy ýaly, basketbolyň 3х3 görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şu nukdaýnazardan Gollandiýada geçirilen ýaryş biziň türgenlerimiz üçin geljek ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek yklym derejeli ýaryşlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy. Bu ýeňiş türkmenistanlylaryň şu ýyl halkara derejesinde gazanan ilkinji üstünligi däldir. Noýabr aýynda Aşgabatdaky Aziada-2017-niň geçiriljek basketbol meýdançasynda Türkiýäniň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň güýçli toparlarynyň gatnaşmagynda ýaryşlar geçirildi. Şonda ýer eýeleriniň erkekler we zenanlar ýygyndy topary birinji orunlary eýelediler. Häzirki wagtda türgenlerimiz birnäçe nobatdaky halkara ýaryşlaryna, şeýle hem okuw türgenleşiklerini geçmäge taýýarlyk görýärler. Geljek ýylyň ýazynda Aşgabatda Türkmenistanyň çempionaty we ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçiriler. Olaryň netijeleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparyň gutarnykly düzümi kesgitleniler.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow