Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 12.03.2024
1215

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşyjylary myhmansöýer türkmen topragynda mukaddes Oraza aýynda garşylamaga şatdygyny aýdyp, geňeşiň ýolbaşçysyny bu mübärek aý bilen gutlady we oňa işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Binali Ýyldyrym Aksakgallar geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de ata-babalarynyň Watany bolan Türkmenistanda mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň Aşgabatda geçirilmeginiň taryhy ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň paýtagtynda Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäreler maksatnamasynyň üstüni ýetirip, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrjakdygyna, forumyň türki döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň dowamynda türki dünýäniň döwletleriniň arasynda köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Ýurtlarymyz bu guramanyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna uly goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Aksakgallar geňeşiniň başlygy gurama agza ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, hususan-da, medeni-ynsanperwer dialogy giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmek barada pikir alyşdylar. Mejlisiň dowamynda öňe sürlen başlangyçlaryň Türki Döwletleriň Guramasynyň mundan beýläk-de netijeli işlemegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmekde Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna aýratyn orun degişlidir diýip, hormatly Arkadagymyz Binali Ýyldyryma geňeşiň işiniň ýokary derejede alnyp barylýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman türkmen halkynyň Milli Liderine mejlisiň ýokary derejede geçirilendigi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň öňünde durýan wezipeleri bilelikde üstünlikli çözmekde ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow