Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Çap edildi 22.03.2024
1408

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze sepgitlere ýetirilmegine ygrarlydygyny beýan etdi. “Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow