Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy
Medeniýet
Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy
Çap edildi 03.04.2024
3635

Şu gün Duşenbede Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm goşant bolar.

Açylyş dabarasy Täjigistanyň Sadriddin Aýni adyndaky opera we balet akademiki döwlet teatrynda geçirildi. Dabara iki dostlukly ýurduň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet, sungat, ylym-bilim ulgamlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

Türkmen-täjik gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän möhüm şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzda medeni gatnaşyklary ösdürmek babatda giň mümkinçilikler bar. Yzygiderli ösdürilýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar we halklaryň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň berkemegine kuwwatly itergi berýär. 

Ine, bu gün hem iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri täjik topragynda duşuşýarlar. Ýygnananlar döredijilik forumyny guramaga döredilen mümkinçilik üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de şu gezekki çäräniň türkmen we täjik halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşdyrylmagyna, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow