Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
Çap edildi 01.05.2024
1822

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowany 70 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Siz ata Watanymyza köp ýyllap yhlas bilen, tutanýerli hyzmat etdiňiz. Uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, dünýäniň ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere mynasyp goşant goşduňyz. Ussat diplomat hökmünde Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerletmäge çalyşdyňyz. Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda netijeli işleri amala aşyrdyňyz. Haýsy wezipede işleseňiz-de, mähriban Watanymyza, eziz halkymyza wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdiňiz.

Siz tejribeli we ussat diplomat hökmünde ýurdumyzyň ýaş diplomatik işgärlerini terbiýeläp ýetişdirmekde, öz baý tejribäňizi olara öwretmekde hem köp işleri bitirdiňiz. Häzirki döwürde-de yhlasly zähmetiňiz bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarsyňyz.

Watanymyz Siziň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetiňize ýokary baha berdi. Siz ýurdumyzyň köp sanly döwlet sylaglaryna, şeýle-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolduňyz. Bu ýokary sylaglar Siziň eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren asylly işleriňize şaýatlyk edýär. Halkymyzyň öz zähmetsöýer gyzyna bolan buýsanjyny artdyrýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda belledi.

Gahryman Arkadagymyz Çynar Rustemowany şanly ýubileýi bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow