Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi
Syýasy habarlar
“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi
Çap edildi 03.05.2024
2091

Şu gün Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy.

Birinji sessiýanyň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Mejlisiň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça 8 sany taslama seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Howanyň üýtgemegine garşy durnukly suw dolandyryşy üçin mümkinçilikleri artdyrmak» atly taslama resminamasy; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Öri meýdanlary durnukly dolandyrmak üçin sanly çözgütleri işläp düzmek» atly taslama resminamasy; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi» atly taslama resminamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy bar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow