Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 10.05.2024
1929

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň halkyny Beýik Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň kalbynda Ýeňiş güni edermenligiň, gahrymançylygyň, wepalylygyň we özara goldaw bermegiň nyşany bolmagynda galar. Bu gün biz frontda söweşen, tylda gaýduwsyz zähmet çeken gahrymanlary hatyralaýarys. Olaryň edermenligi häzirki we geljek nesiller üçin watansöýüjiligiň beýik nusgasydyr.

Şol ýowuz uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny mertlerçe ýeňip geçen halklarymyzyň dostlugynyň we birek-birege goldawynyň geljekde-de Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugta binýady boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size we türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy, bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Asif Ali Zardari,

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow