Baş sahypa
\
Sport
\
Alabaý - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi
Sport
Alabaý - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi
Çap edildi 06.01.2017
3353

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary milli amaly – haşam sungatynyň däp bolan bezeg nyşanlarynyň äheňinde döredildi, emma ol häzirkizaman bezeg görnüşinde täzeçe işlenildi. Hususan-da, Oýunlaryň nyşanlarynda türkmen halysynyň belli nagyşlary, gölleri, milli lybaslaryň keşdeleri öz beýanyny tapdy. Hemmeleriň eý görýän alabaý iti Oýunlaryň resmi keşbini alamatlandyrar. Dostluga wepaly itleriň bu tohumynyň aýratynlyklary (gulaklary we guýrugy kesilen) milli lybasda ýa-da sport lybasynda şekillendirilendir. Aziadanyň bezegli keşbinde häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gada urýan Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, halkymyzyň däp-dessurlary jemlendi. Bu ýerde Beýik Ýüpek ýoly boýunça türkmen sährasyndan geçip barýan söwda kerwenini, ak öýleriň, gadymy milli binagärlik ýadygärliklerini, häzirkizaman binalaryň şekillerini, pälwanlaryň, eli dutarly bagşylaryň, alabaýyň we ahalteke bedewiniň şekillerini görmek bolýar. Birnäçe bezeg bölümlerinde türkmen gawunlary, halylar we zergärçilik eserleri görünýär. Oýunlaryň resmi keşbiniň reňkleri öz görnüşi boýunça tumary ýatladýar. Onuň reňkleri, gurluşynyň sazlaşygy şekilde geçmişden geljege bolan ösüşi alamatlandyrýar. Laçynyň açylan ganatlarynda güýç-kuwwat janlanýar. Ol keşbiň tutuş şekilinde duýulýar.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow