Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 03.07.2024
1884

Şöhratly ýylyň şanyna şan goşan taryhy wakalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sanynda öz beýanyny tapdy. Žurnalyň şu ýyldaky altynjy sany ýakynda elektron görnüşde okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň «Uzak ýaşa, Arkadag!» atly uly göwrümli şygry bilen açylýan žurnalyň ilkinji sahypalarynda Arkadag şäheriniň bir ýyllygy mynasybetli dabaralara we seslenmelere giň orun berilýär.

«Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna» atly makala Medeniýet hepdeligine bagyşlanypdyr. Žurnalyň täze sanynda ýerleşdirilen raýat jemgyýetiniň ösüşinde Ýaşlar guramasynyň ornuna bagyşlanan makala hem diýseň täsirli çykypdyr.

«Ruhy päkligiň baýramy» atly makalada Gurban baýramy «Talyp ýüregi joşanda» atly çykyşda «Talyp joşguny ― 2024» atly döredijilik festiwaly hakynda gürrüň berilýär. Okyjylar şol sahypalardan ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň çykyşlaryny hem okap bilerler.

Bagtyýar döwrüň bagtyýar nesilleri baradaky söhbet «Bagt bagynyň bilbilleri» atly makalada beýan etdirilýär. Žurnalyň döredijilik topary çaga terbiýesine bagyşlanan makalalaryň tapgyryny dowam edip, şu sahypalarda «Çaga terbiýesinde mekdebiň we maşgalanyň sazlaşygy» atly täsirli makalany hem paýlaşypdyrlar.

«Sagdyn hem bagtyýar geljek üçin» atly makala iýun aýynda bellenilen Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanypdyr. Şol sahypalardan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan makalalary hem okap bilersiňiz.

«Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly makalany neşiriň şu sanyndaky iň täsirli çykyşlaryň biri hasaplap bolar. Çeper döredijilige bagyşlanan sahypalardan bolsa «Ýatlama» atly hekaýany, «Ýollar» atly oýlanmany, dünýä edebiýatynyň meşhur eserleriniň birinden edilen terjimäniň ýene bir bölegini hem-de ýurdumyzyň ýaş şahyrlarynyň birnäçesiniň täze döreden şygyrlaryny okap bilersiňiz.

Neşiriň täze sany «Magtymguly Pyragynyň watançylyk paýhaslary» atly makala, şeýle-de «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň nobatdaky ýeňijisi baradaky gysga çykyş bilen tamamlanýar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow