Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň merkezi edaralarynyň mejlisleri
Jemgyýet
Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň merkezi edaralarynyň mejlisleri
Çap edildi 29.07.2024
3189

Şu gün paýtagtymyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy.

Mejlislere gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklary hem-de Zenanlar birleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň agzybirligini üpjün etmek, olary döredijilikli we öndürijilikli zähmete höweslendirmek işlerine uly goşant goşýarlar. Bu işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelip, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berýär.

Mejlislerde, A.Durdyýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçysyny saýlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu wezipä birnäçe dalaşgär hödürlenilip, olaryň her biriniň hünär, guramaçylyk we beýleki ukyp-başarnyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine O.Berdiliýewa biragyzdan saýlanyldy. Bu barada degişli kararlar kabul edildi.

Mejlislere gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty, türkmen halkynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň, ata Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine gujur-gaýratlaryny, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow