Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary
Jemgyýet
Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary
Çap edildi 07.09.2024
3476

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar. Netijede, ýurdumyzyň «akylly» şäheri 3 sany baýraga mynasyp boldy.

«World Smart City Expo» sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, birnäçe döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Tailand Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň we Ysraýyl Döwletiniň wekilleri gatnaşdylar. Jemi 116 pawilýony özünde jemlän gözden geçirilişe ministrler, ministrleriň orunbasarlary, welaýat häkimleri derejesinde 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar.

Abraýly sergide Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri we aýratynlyklary hem tanyşdyryldy. Degişli baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry-aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere hem-de kompaniýalara berildi. Arkadag şäherine berlen sylaglaryň hatarynda “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly üç sany baýrak bar. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly” şäher” diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn buýsançlydyr.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow çykyş etdi. Ol koreý tarapynyň bu çäräni ýokary derejede gurandygyny, onda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän “akylly” şäherleriň tehnologiýalarynyň we ulgamlarynyň görkezilendigini belledi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Arkadag şäheriniň gazananlarynyň ykrar edilendigi, oňa mynasyp baha berlendigi hem-de sylaglaryň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, munuň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda şähergurluşyk ulgamynda belent sepgitlere ýetilendiginiň ykrarnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Ähli babatda nusgalyk Arkadag şäheri türkmen halkynyň buýsanjydyr. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşen “akylly” şäher gurluşygynyň milli nusgasy bolup, dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Munuň şeýledigine Arkadag şäheriniň Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” atly halkara sergide baýraklaryň üçüsine mynasyp bolmagy hem şaýatlyk edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşyk ulgamynda innowasion esaslara daýanýan pikirleriniň we çözgütleriniň, olaryň amala aşyrylmagynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow