Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Medeniýet
Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Çap edildi 06.09.2024
3211

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly zehinli çagalar gatnaşýar.

Konsert başlamazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşýan bagtyýar çagalar Watanymyzyň özbaşdaklygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.

Deslapky bäsleşikler şäherlerde, etraplarda hem-de welaýatlarda birnäçe tapgyrda geçirildi we olarda jemleýji tapgyra gatnaşjak dalaşgärler kesgitlenildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak hem-de goldamak, olary watançylyk, halkymyzyň däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek bäsleşigiň baş maksadydyr.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny aýratyn üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda milli aýdym-saz sungatymyzyň uly ähmiýeti bellenilýär. “Görogly” dessançylyk sungatynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. “Dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleri hökmünde siz ata-babalarymyzyň öwüt-nesihatlaryna, ynsanperwer ýörelgelerine pugta eýerip, milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza bolan söýgiňiz, buýsanjyňyz bilen dostlugy, ynsanperwerligi we bagtyýarlygy has-da yhlasly wasp etmelisiňiz” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygary döredijilik festiwalyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýaşajyk artistler mähriban Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň gaýtalanmajak tebigatyny ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Aýdymlar we tanslar ýaş zehinlere bagtyýar çagalygy peşgeş beren ýurdumyzyň durmuşyny beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.

Jemleýji tapgyrda geljekde milli medeniýetimiziň şöhratyna şöhrat goşjak aýdymçylar, tans, aýdym-saz we folklor toparlary bäsleşdiler.

Sahnada baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ýaşajyk zehinleriň özboluşly çykyşlary tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Jemleýji konsert bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Sahnada bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy, tanslar, edebi-sazly, folklor kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Bilelikde ýerine ýetirilen “Biz Watanyň merjen däneleri” atly aýdym döredijilik baýramçylygynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesil barada edýän aladalary, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyzyň döredijilik bilen meşgullanmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak baradaky öwüt-ündewlerine mundan beýläk-de eýerjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
top-arrow