Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy
Jemgyýet
Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy
Çap edildi 23.09.2024
2926

Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular.

Garaşsyz döwletimizde watandaşlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, döretmegi, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyz bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu Garaşsyzlyk gününe aýratyn hormat goýýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, ruhy ösüşe gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzy bütin dünýä tanatmaga mümkinçilik döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmelerinde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge öz beýanyny tapýar.

...Şu günki dabara gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň belentden seleňläp görünýän ýadygärliginiň öňünde ýygnandylar.

Beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp edebi mirasy ýadygärlik galdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik filosofyň eserleri onlarça dile terjime edilip, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň gymmatlygyna öwrüldi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmeniň beýik şahyrynyň hormatyna dürli mazmunly dabaralardyr çäreler geçirilýär. Geçen anna günündäki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz oktýabr aýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy.

...Gysga wagtyň içinde ýadygärligiň öňündäki meýdança hoşboý ysly ajaýyp gül desseleri bilen örtüldi. Bu güller halkymyzyň belent watansöýüjilik duýgusynyň, Garaşsyz Watanymyza buýsanjynyň nyşanydyr.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow