Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gahryman Arkadagymyz zähmet we maliýe bazaryny ösdürmäge hem-de telekeçiligi goldamaga degişli birnäçe resminamalary taýýarlamagy teklip etdi
Ykdysadyýet
Gahryman Arkadagymyz zähmet we maliýe bazaryny ösdürmäge hem-de telekeçiligi goldamaga degişli birnäçe resminamalary taýýarlamagy teklip etdi
Çap edildi 24.09.2024
2324

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýandygyny we bu konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalary, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda belleýşi ýaly, maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe we salgyt-býujet ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle hem ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiz uly işleri alyp barýarlar.

– Şoňa görä-de, 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli Maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow