Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
Ykdysadyýet
Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
Çap edildi 12.10.2024
2193

Şu gün paýtagtymyzda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm çäredir. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iki tarapdan hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwlete öwrüldi. Ähli pudaklarda uly ösüşleriň gazanylmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy munuň aýdyň netijesidir.

Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde obasenagat toplumyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna, oňa täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda, özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyna-da üns çekildi. Mongoliýanyň işewür düzümleriniň wekilleri iki ýurduň hususyýetçileriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

Ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Myhmanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklaryna gönükdirilen ygtybarly kanunçylyk binýadynyň oňyn täsirine ünsi çekdiler. Häzirki döwürde daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýerli önümleriň möçberini artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Foruma gatnaşyjylar ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary özleşdirmek üçin özara tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Taraplar şu gezekki forumyň türkmen-mongol ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow