Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 17.10.2024
1591

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu gatnaşyklar ähli döwürlerde hem halklaryň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmegini munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Şu gezekki döredijilik çäresi bolsa iki döwletiň taryhy we ruhy gymmatlyklary umumy bolan halklarymyzyň dostlugyny berkitmegi, köptaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Düýn Mukamlar köşgünde Adygeýiň “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň konserti üstünlikli geçirildi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmenistanlylar Russiýanyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy, P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi Dmitriý Masleýew ussatlyk sapagyny geçdi. Mukamlar köşgünde “Pýotr Iliç Çaýkowskiniň ýubileýine tarap” atly nusgawy saz konserti geçirildi. Dmitriý Masleýewiň ýerine ýetirmeginde P.I.Çaýkowskiniň we S.W.Rahmaninowyň eserleri ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň solistleri Türkmenistanyň tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler. Myhmanlar halk sahna horeografiýasynyň aýratynlyklary, gadymy adygeý tanslarynyň usulyýeti, gyzykly mowzuklar bilen baýlaşdyrylan tans-spektakllary barada gürrüň berdiler.

Russiýanyň Milli saz muzeýi tarapyndan Çaýkowskiniň döredijiligine bagyşlanan “Çaýkowskiniň planetasy” atly sergi guraldy. Sergi muzeýiň gaznasyndaky taryhy resminamalar, şahsy zatlar, fotosuratlar we nota partituralary esasynda guralyp, ol rus medeniýeti hakynda has giňişleýin maglumat almaga ýardam etdi.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini jemläp, onuň parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky, medeniýetleriň baýlaşmagyndaky, doganlyk halklaryň özara düşünişmegini berkitmekdäki ähmiýetini bellediler. Myhmanlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistan bilen has içgin tanyşmaga, onuň halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Islendik halkyň medeniýeti taryhyň açyk kitabydyr, onuň her sahypasynda asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda toplanan ruhy-ahlak mirasynyň bir bölegi şöhlelenýär. Myhmanlar Aşgabatdaky muzeýler, medeni merkezler we köp sanly ýadygärlikler bilen tanyşmak arkaly muňa has anyk göz ýetirdiler. Şeýlelikde, Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde geçirilen çäreler türkmenistanlylary dostlukly ýurduň sungatynyň baý öwüşginleri bilen tanyşdyryp, halklarymyzyň ýakyndygyny, taryhy we ruhy baglanyşygynyň berkdigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
top-arrow