Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 18.10.2024
1274

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Malta Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Geografik taýdan uzakda ýerleşýändiklerine garamazdan, Malta Respublikasy we Türkmenistan özara hormat goýmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklaýarlar. Geljek ýylda halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary açylar diýip umyt edýärin. Şeýle hem gyzyklanma bildirilýän meseleleri çözmek maksady bilen, özara hyzmatdaşlygymyzyň köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Malta Respublikasy Ýewropa Bileleşigine agza döwlet hökmünde bu gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini işjeň goldaýar. Munuň özi sebit başlangyçlarynda, şol sanda geçen ýylyň oktýabrynda Brýusselde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ministrleriniň 19-njy duşuşygynda makullanan ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasynda” öz beýanyny tapdy.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, ýurduňyza bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Miriam Spiteri DEBONO,

Malta Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Tunisiň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk hem-de gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, halklarymyzyň we umumy maksatlarymyzyň bähbidine iki ýurduň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin bilelikde işlemäge taýýardygymy tassyklaýaryn.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kais SAID,

Tunis Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Size we dostlukly türkmen halkyna berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik arzuw edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin Siziň bilen bilelikde işlemäge taýýardygyma ynandyrýaryn.

Hormatlamak bilen,

Bassiru Diomaý FAÝ,

Senegal Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow