Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
Çap edildi 29.11.2024
2387

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş sapary bilen ugrady.   

Paýtagtymyzyň Halkara  howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. 

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen, şol sanda abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugruna berk eýerýär.  Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Budapeşte şu gezekki sapary hem-de Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Şol gatnaşyklar bolsa, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege düşünmek hem-de Türki döwletleriň guramasy we oňa agza döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýar. 

Türkmenistanyň Wengriýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellemek gerek. şunda ýokary we hökümet derejesindäki duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Wengriýanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylda Türkmenistana hem-de dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň 2023-nji ýylda Aşgabada amala aşyran resmi saparlarynyň, şeýle hem Gahryman   Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Wengriýa resmi saparynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda Budapeşte amala aşyran iş saparynyň  netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, dostlukly ýurduň paýtagtynyň Ferents List adyndaky halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow