Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk
Ykdysadyýet
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 06.12.2024
2561

Şu gün paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlary, halkara guramalar, öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda Türkiýe Respublikasyna aýratyn orun degişlidir.

Türkmen we türk halklarynyň gatnaşyklary müňýyllyklardan gözbaş alyp, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ilerledilýär. Türkiýe Türkmenistanyň esasy we ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi hem özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny alamatlandyrdy. Bu resminamalar toplumy nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýadyny emele getirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow