Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 10.12.2024
1689

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de goldamaga we berkitmäge çalyşmak bilen, men jenap Marsel Fortuna Biatony Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Marsel Fortuna Biatonyň şahsy häsiýetleri hem-de ozalky wezipeleri ýerine ýetirende görkezen erjelligi we paýhasy Siziň Alyhezretiňiziň hormatyny, ynamyny ödemekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynanmaga esas döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Size meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size belent hormat goýýandygym, çuňňur dostluga ygrarlydygymyz baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Luis Inasiu Lula da SILWA,
Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marsel Fortuna Biatodan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany döwlet Baştutanymyzyň adyndan Türkmenistanda diplomatik wezipä girişmegi bilen gutlap, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwanyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iberen mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler we iri möçberli taslamalar barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de ol milli parlamentiň alyp barýan işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi üçin berk binýat bolup hyzmat edýän milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginde bu kanun çykaryjy edara uly orun degişlidir.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň, Türkmenistan bilen Latyn Amerikasy ýurtlarynyň arasyndaky dialogyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine ýokary baha berip, döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmalary beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, Braziliýanyň işewür toparlary hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçiliklere uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty we ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy munuň üçin oňyn şertleri üpjün edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marsel Fortuna Biato türkmen-brazil gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow