Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
Çap edildi 23.12.2024
2659

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni we buýan köküniň baldagyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 28 million 843 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, nah we pagta galyndylaryny, pagta lintini satyn aldylar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow