Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 10.02.2025
2301

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly natrini we karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, jinsi önümleri, nah mata we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 175 million 405 müň manada deň bolan polipropileni we nebit önümleriniň galyndylaryny (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem portlandsementi, float aýnasyny, tüýjümek önümleri we buýan köküniň erginini satyn aldylar.

Soňky habarlar
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
top-arrow