Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 127 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 127 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 31.03.2025
2342

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň telekeçileri biz we aşgarlanmadyk matalary, nah ýüplügini, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 127 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 72 million 880 müň manada deň bolan gazbeton bloklary, binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem  dokma önümçiliginiň galyndylaryny, pagta süýümini, gaplama plýonkasyny, nah ýüplügini satyn aldylar. 

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow