Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna ynanýaryn»
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna ynanýaryn»
Çap edildi 04.04.2025
2225

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiniň mejlisinde eden çykyşynda sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň geoykdysady we täjirçilik taýdan düýpli girdeji getirjekdigine hem-de Merkezi Aziýada ýewropa işewürliginiň uzak möhletli ornuny berkitmäge we giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýewropa bilen söwdany has-da giňeltmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň maýadarlara doly amatly şertleri döretmäge taýýardygyny we ýewropa kompaniýalaryny türkmen bazarynda işlemäge çagyrýandygyny nygtady. Munuň bilen baglylykda, harytlary iberijileri we alyjylary goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine seretmek Ýewropa Bileleşigine teklip edildi.

«Häzirki wagtda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmek üçin onuň netijelilige we hakyky mümkinçilige laýyk gelmegi zerur diýip hasaplaýarys. Biziň sebitimiz ýewropaly kompaniýalara senagatda, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda häzirki zaman iri önümçilikleri döretmek, ylmy-tehnologik klasterleriň, hyzmatlar merkezleriniň taslamalaryna maýa goýumlaryny goýmak üçin amatly ýer bolup biler» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow