Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 389 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 389 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 14.04.2025
3119

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen nebit ýol bitumyny, awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini we binýatlyk ýagyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, portlandsement hem-de buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 389 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 69 million 545 müň manada deň bolan polipropileni we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem boýalan matany hem-de float aýnasyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow