Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 130 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 130 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 21.04.2025
2813

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly natrini we awtoulag benzinini satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine gazbeton bloklary, pagta süýümi, nah ýüplük, wafel we flanel matalar, granulirlenen hojalyk sabyny ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 130 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 34 million 570 müň manada deň bolan portlandsementi, ýüpek çig malyny, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow