Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada
Jemgyýet
Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada
Çap edildi 01.05.2025
2644

Düýn Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dürli görnüşli süýjüliklerden ybarat sowgatlar gowşuryldy.

Häzirki döwürde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ýaşlary watansöýüjilik, halal zähmet esasynda terbiýelemek, olaryň milli däp-dessurlara bolan hormatyny, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarlylygyny pugtalandyrmak meselelerine zerur üns berilýär. Munuň özi ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagynyň, olaryň belent maksatlary amala aşyrmaga höwesini artdyrmagyň möhüm şertidir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde we paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde geçirilen dabaralar hem halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowamata atarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Olaryň dowamynda bagtyýar nesiller özleri hakynda edilýän aladalar üçin Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Belent ruha beslenen dabaralarda şadyýan çagalaryň gülki sesleri joşgunly aýdym-sazlar bilen utgaşyp, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzyň her bir gününiň şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi. Çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjülik sowgatlarynyň gowşurylmagy dabaralaryň iň tolgundyryjy pursatlary boldy. Çagalar sowgatlary uly joşgun we ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Munuň özi ýurdumyzda çagalar hem-de ýaşlar barada döwlet derejesinde hemmetaraplaýyn yzygiderli alada edilýändigini aýdyň ýüze çykardy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda-da bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär.

Diýarymyzda ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän sogap işleriň rowaçlyklara beslenmeginde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir. Gaznanyň ýardam bermeginde ösüp gelýän ýaş nesillere, ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň kömege mätäç çagalaryna yzygiderli goldawlar berilýär.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow