Şu gün ýurdumyzda şanly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Halklaryň Beýik Ýeňşiň hatyrasyna arzuw-umytlaryny, güýç-gaýratyny we zähmetini alamatlandyrýan bu nurana baýram türkmenistanlylaryň durmuşynda-da möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarymyzyň örän uly goşant goşýandyklaryny belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülýän ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteranlarymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr. Eziz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.
Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ildeşlerimiz “Gahryman” diýen belent ada mynasyp boldular, söweş ordenleridir medallar bilen sylaglandylar. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň, belent adamkärçiligiň nusgasydyr. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň baýram edilen günleri ýurdumyz we halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli waka beslendi. Türkmenistana Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy hem-de şahsy maglumaty getirildi. Asylly zähmeti bilen ildeşleriniň çuňňur hormatyna mynasyp bolan ussat mugallym, edermen esgeriň harby gulluk resminamalary we onuň gulluk eden polkunyň söweşjeň baýdagy paýtagtymyzdaky Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebe gowşuryldy. Söweşjeň baýdagyň getirilmegi hem-de Berdimuhamet Annaýewiň Russiýanyň ýokary döwlet sylagyna — “Edermenligi üçin” medalyna mynasyp bolmagy Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, duşman bilen gaýduwsyz söweşen hem-de Ýeňşe uly goşant goşan türkmenistanly esgerlere çäksiz hormatyň, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ynanyşmagyň, dostluk gatnaşyklarynyň mizemez nyşany boldy.
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň ýurdumyz üçin ýene-de bir şanly sene bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda baýram edilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen Bitaraplyk hukuk derejesine, ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň dabaralandyrylmagy ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryna berilýän ýokary bahanyň nyşany boldy. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejede ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi.
Milli gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary ýatlamak ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetiniň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Ýurdumyzda ýowuz urşa gatnaşanlar hem-de olaryň maşgala agzalary aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplarynda ebedileşdirildi. Weteranlara durmuş ýeňillikleri bilen birlikde, maddy kömek berilýär. Hormatly Prezidentimiz ildeşlerimize milli gahrymanlarymyz baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýär. Şu ýyl hem döwlet Baştutanymyz Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Ýeňiş güni mynasybetli dabaralaryň möhümdigini we şeýle çäreleriň Watanymyzyň durmuşynda uly syýasy ähmiýetiniň bardygyny belleýär.
...Belentde howalanyp görünýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýanyna uly mähelle ýygnandy. Bu ýerde — “Milletiň ogullary” ýadygärliginde biz Watan ugrundaky söweşlerde şehit bolanlary, “Baky şöhrat” ýadygärliginde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary, “Ruhy tagzym” ýadygärliginde Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlary hatyralaýarys.
Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar bar.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çeken merdana weteranlar bilen hal-ahwal soraşdy hem-de olary Ýeňiş baýramy bilen gutlady.
Köp kynçylyklary görüp, eşretli zamanada ýaşamak bagty miýesser eden weteranlar hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýandygy, şeýle hem şanly sene mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylandygy we gutlaglar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de ýaşuly nesiller barada alada etjekdigini, bu işleriň yzygiderli üns merkezinde saklanjakdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe weteranlar baradaky aladanyň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, olar bilen yzygiderli duşuşyp, hal-ýagdaýlary bilen häli-şindi gyzyklanyp durmak babatda birnäçe maslahatlary berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, uruş weteranlary we urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlary, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar bilen geçirilmeli duşuşyklaryň ýörite maksatnamasynyň düzülendigi barada hasabat berdi.
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda dabaranyň başlanýandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormat garawulynda beýik pederlerimiziň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler. Dabaranyň möhüm pursady ýetip gelýär: söweşjeň buýsanjyň we hakydanyň mukaddes ýerlerine öwrülen belent ýadygärliklere hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp gül desseleri goýulýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Milletiň ogullary”, “Ruhy tagzym” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine tagzym etdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz we Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, ýaşululardyr tylda zähmet çeken eneler “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdular. Milli Liderimiz weteranlary hormatly Prezidentimiziň adyndan sarpalap, ýene-de bir gezek Ýeňiş güni bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi.
Soňra dabara gatnaşanlaryň ählisi belent hormat duýgusy bilen ýadygärlige gül desselerini goýdular. Milli gahrymanlarymyzyň edermenligine sarpa goýmak üçin bu ýere talyplar, frontçy esgerleriň agtyk-çowluklary hem geldiler. Türkmenistanlylaryň ýaş nesilleri olara buýsanmaga haklydyrlar.
Gül goýmak dabarasynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde bu ýerdäki muzeýe bardy hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde wepat bolan watandaşlarymyzyň edermenliklerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdy.
Milli Liderimiziň atasy, ýowuz urşa gatnaşan Berdimuhamet Annaýewiň portreti merkezi orunda ýerleşdirilipdir. Bu görnükli şahsyýetiň zähmet, söweş we durmuş ýoly ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaýduwsyz gahrymanlarymyzyň we Watan goragçylarymyzyň edermenliginiň ýaşlar üçin watançylygyň belent nusgasy, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek neslini çuň watansöýüjilik, wepalylyk ruhunda terbiýelemekde hemişe mynasyp ýolgörkeziji bolup galjakdygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde weteranlaryň uly goşandynyň bardygyny nygtap, ýygnananlary Beýik Ýeňşiň 80 ýyllyk şanly senesi bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, parahat, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.
Milli gahrymanlarymyza baky hormat we şöhrat bolsun! Biz bagtyýar şu günümiziň we geljegimiziň goragynda görkezen gahrymançylygy, edermenligi üçin olaryň öňünde baş egýäris.
***
Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde edermen Watan goragçylaryna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül desseleri goýuldy. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylda Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen dabaralar parahatçylyk dörediji döwlet bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrdy.