Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Parahat we asuda durmuşyň goragçylaryna baky şöhrat!
Jemgyýet
Parahat we asuda durmuşyň goragçylaryna baky şöhrat!
Çap edildi 09.05.2025
2664

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. Paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken merdana weteranlaryň ýanyna baryp olar bilen hal-ahwal soraşdy hem-de olary Ýeňiş baýramy bilen gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşuly nesliň wekilleriniň, şol sanda gazaply urşuň kynçylyklaryny gözi bilen gören mährem eneleriň geçen durmuş ýolunyň häzirki nesiller üçin nusgalyk mekdepdigini belledi. 

Olaryň bitiren hyzmatlary, söweşjeň ýoly bagtyýar nesilleriň kalplarynda müdimi ýaşaýar. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň edermenliginiň, watansöýüjiliginiň döwürler we nesilleri baglanyşdyrýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

Köp kynçylyklary görüp, eşretli zamanada ýaşamak bagta miýesser eden weteranlar hemmetaraplaýyn üns alada bilen gurşalandygy, şeýle hem şanly sene mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylandygy üçin hem-de gutlaglar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we hemmeleri şanly sene bilen gutladylar. 

Bellenilişi ýaly, weteranlar asuda Watanyna, döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de parahat durmuşda ýaşaýan, uly üstünlikleri gazanmak üçin oňyn mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesle guwanýarlar. 

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow