Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 12.05.2025
3046

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, yşyklandyryş kerosinini, binýatlyk ýagyny, şeýle hem Owganystanyň işewürleri degişlilikde “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen hlorly natrini hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 88 million manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny  (“Türkmennebit” döwlet konserni),  şeýle hem tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi we nah matany satyn aldylar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow