Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Diplomatiýa boýunça sebit hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Jemgyýet
Diplomatiýa boýunça sebit hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Çap edildi 12.05.2025
63

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge bagyşlanan möhüm çäreler geçirilýär. Merkezi Aziýada ýaş diplomatlaryň we döwlet gullukçylarynyň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, tejribeleri hem-de bilimleri alyşmak arkaly sebit meselelerine bolan has çuň düşünjeleri kemala getirmegi, olaryň çözülmegi üçin umumy diplomatik tagallalaryň birleşdirilmegini esasy maksat edinýän şu okuw maslahaty hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan deňhukukly hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine eýermek bilen, tutuş sebitiň durnuklylygyna, gülläp ösüşine uly goşant goşýar.

Sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen wekiliýetler, agzalan bilim ojagynyň professor-mugallymlary we talyplar gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak dialogy medeniýetiniň ilerledilmegi hem-de halkara derejede howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy babatdaky tagallalara aýratyn ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine halkara parahatçylyga we abadançylyga ýardam bermek, durnukly ulag, energetika, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň birnäçesi bilen tassyklanylmagy hem şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç sany Kararnamasy bilen ykrar edilmegi onuň halkara gatnaşyklary ösdürmekde netijeli gurala öwrülendigine güwä geçýär. Munuň özi parahatçylyk medeniýetini goldamakda we ösdürmekde ýurduň gazananlarynyň dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýandygynyň mysalydyr. Türkmenistan ýüze çykýan meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegi ugrunda çykyş edýär hem-de bu ugurda beýleki ýurtlar bilen oňyn Bitaraplyk tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Şunda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns çekildi.

Maslahatda Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi, ynsanperwer işleri, howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri çözmek, ýaşlar syýasaty bilen bagly tagallalaryna, halkara başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, şu gezekki okuw maslahaty goňşy ýurtlaryň ýaş hünärmenleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmäge ýardam bermek bilen, ynanyşmak ýagdaýyny döretmek üçin netijeli gural bolup hyzmat edýär. Munuň özi geljegiň diplomatiýasynyň binýadyny emele getirjek özara düşünişmek ulgamynyň ösdürilmegine hem uly goşantdyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatiýasynyň ylalaşdyryjylyk ýörelgeleriniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy hem-de halkymyzyň baý mirasynda, gadymy däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýandygy bellenildi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýaş türkmen diplomatlaryna hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda öňdebaryjy halkara okuw merkezleri bilen netijeli gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.

Maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bu çäräniň toplanan bilimleri kämilleşdirmek bilen bir hatarda, Merkezi Aziýada we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm itergi boljakdygyna ynam bildirdiler.

Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlarydyr döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty 16-njy maýda öz işini tamamlar. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlyk etmeginde ösüş, gender, adam hukuklary, ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça öňe sürülýän wajyp çemeleşmeler bilen giňişleýin tanyşmak üçin amatly mümkinçilikleri döreder. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaş diplomatlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk ruhuny ösdürmek arkaly sebit ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge goşant goşar.

Soňky habarlar
12.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.05
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy
12.05
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine
12.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
12.05
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol toparyny sarpalamak dabarasy
12.05
Diplomatiýa boýunça sebit hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
12.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy
11.05
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň ýoly bilen
11.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow