Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Medeniýet
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Çap edildi 15.05.2025
70

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy, şol sanda golýazma, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýaty öwreniş, taryh ylymlary boýunça täze açyşlara hem-de barlaglaryň netijelerine bagyşlanan makalalary köpçülige ýetirmegi dowam edýär.

Nobatdaky neşiriň daşky sahypasynda parahatçylygyň we rowaçlygyň nyşany bolan “Abadançylyk” binasynyň suraty ýerleşdirilipdir. Belentligi 47 metre barabar bolan desganyň depesindäki Ýer şarynyň şekiliniň daşyna aýlanan ak kepderiler parahatçylygyň nyşany hökmünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylyň many-mazmunyny özünde jemleýär.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Gutlaglary ýerleşdirilipdir. Däp bolan “Täze ylmy açyşlar” bölümi Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Deputatyň etikasy boýunça toparynyň başlygy Faýzullo Barotzodanyň “Malehi Samarkandy türkmen hatdady hakynda” atly makalasy bilen açylýar. Onda Merkezi Aziýada orta asyr edebiýatynyň yzygiderli ösüp, jemgyýetiň medeni durmuşynda möhüm orun eýeländigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Malehi Samarkandy XVII asyryň ahyrynda medresede mugallym bolup işleýärkä, öz döwrüniň görnükli şahyrlarynyň ömri we döredijiligi barada tanyşdyrýan “Dost-ýarlar hakynda ýatlamalar” atly şahyrana antologiýany döredipdir. Malehi şeýle hem şygryýet, sungat, hatdatlyk, kitap neşir etmek ýaly işler bilen meşgullanan medresede ýaşaýanlar, mähelleleriň ýaşaýjylary, täjirleri, zehinli senetçiler barada gyzykly maglumatlary berýär. Malehi Samarkandy eserinde şol döwrüň ussat kätibi Muhammetnyýaz Türkmen barada hem maglumat berýär. Ol nusgawy ýazuwyň ýedi usulyny özleşdirmek bilen, zehinli türkmen hatdady hökmünde tanalypdyr hem-de halkyň taryhynda mynasyp orun alypdyr.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burunow “Owazasy dünýä dolýan şan-şöhratly Watanym” atly makalasynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belleýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Makalada nygtalyşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy giňden baýram edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy hem-de ondan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli mazmunly çärelere badalga berildi.

Makalada ýurdumyzda milli sirk sungatynyň ösüşine, şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň eýeleýän ornuna aýratyn üns çekilýär. Türkmenistanyň çäginden daşarda-da uly meşhurlyga eýe bolan bu topar milli mirasymyzyň dünýäde wagyz edilmegine uly goşant goşýar hem-de şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän dabaralarda, medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Serdar Atdaýewiň “Türkmen yz çalyjylary” atly makalasynda türkmen jemgyýetinde adamlaryň aýratyn toparyny düzen ussat yzçylar barada gürrüň berilýär. Adatça, olar her hili ýitgileri agtarmak bilen meşgullanypdyrlar hem-de sähra ýerlerinde ýiten mallary tapyp bilipdirler. Harby we aw döwründe yz çalýanlar harby ýörişlerde ýolbelet bolup hyzmat edipdir. Yzçylar eserdeňligi, ýiti nazary bilen tapawutlanypdyrlar. Olaryň ýiti ýatkeşligi köp sanly aýak yzlaryny ýatda saklamaga mümkinçilik beripdir. Yz çalyjylara aýak yzyny bary-ýogy bir gezek görmek hem ýeterlik bolupdyr.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölümi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Orazpolat Ekäýewiň “Türkmenleriň Owşarly imperiýasynyň soltany Nedir şa” atly makalasy bilen açylýar. Makalada türkmen halkynyň taryhynyň müňýyllyklary öz içine alýandygy, şöhratly Oguz handan başlap, hökmürowan Nedir şanyň döwrüne çenli geçen durmuş ýolunda onuň köp sanly döwletleri gurandygy bellenilýär. Owşar türkmenlerinden bolan Nedir şa öz döwründe giň çäkleri tutýan uly imperiýalaryň birini döretmegi başarypdyr. Ol güýçli harby serkerde, parasatly syýasatçy hökmünde tanalyp, sünni we şaýy mezhebleriniň arasyndaky adalatsyz söweşlerden dynmak üçin dagynyk musulman jemgyýetini birleşdirmäge çalşypdyr. Beýik türkmen serkerdesi öz ýurduny gaýry ýurtly basybalyjylardan azat edipdir. Nedir şa diňe bir öz ýurduna hökmürowanlyk etmän, ony dikeldip, ilaty ýaşamak üçin ýaramly ýerlere göçüripdir hem-de şäherleri abadanlaşdyrypdyr. Munuň özi oba hojalygynyň we senetçiligiň ösmegine ýardam edip, halkyň durmuş ýagdaýynyň gowulanmagyna getiripdir.

Nedir şanyň hökümdarlyk eden döwri ýeňişli, şeýle-de pajygaly wakalardan doly. Gulçulyga garşy göreşi, garyplar baradaky aladalary bilen ol köp adamlar üçin adalatlylygyň nyşanyna öwrülipdir. Emma Nedir şanyň dolandyrmakda ulanan ýowuz usullary we çäklendirilmedik häkimlige eýe bolmak niýeti onuň at-abraýyna şek ýetiripdir. Onuň döwlet gurmak babatdaky tejribesi, harby taglymaty, durmuş özgertmeleri häzirki güne çenli öwrenilýär we ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň halk döredijiligi bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Güljemal Gummanowanyň “Alpamyş” eposynyň türkmen nusgasyndaky epiki däpler” atly makalasy hem okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär. Onda türkmen folklory, onuň esasy ugurlary — eposlaryň, rowaýatlaryň, dessanlaryň köp sanly nusgalary barada maglumatlar berilýär. Esasy derňew obýekti bolan “Alpamyş” dessany Gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýrandyr. Türkmenler bilen gadymdan bäri medeni we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary saklan garagalpak, gazak, özbek, gyrgyz halklarynyň her biri eposy okap, ony öz milli gymmatlygy hökmünde öwrenipdir. Bu epos biziň folklorymyzda — aýdymlarda, halk aýtgylarynda, nakyllarda mynasyp orun alypdyr.

Seljerilen maglumatlar we ylmy garaýyşlar uly göwrümli eposlaryň, dessanlaryň döremegine ilki kyssa görnüşli çeper hekaýatlar sebäp bolup, olar kem-kemden bitewüleşip, eser görnüşine geçipdir, wagtyň geçmegi bilen hem döwrüniň ozanlarynyň, danalarynyň zehin eleginden geçip, uly göwrümli esere öwrülipdir diýmäge doly esas berýär. Şeýle ösüşiň netijesinde gahrymançylyk we batyrlyk baradaky epiki eserler halklar üçin millilige öwrülip, tutuş dünýä ýaýrapdyr. Netijede, oguz-gypjak-uýgur dessançylyk däpleri kemala gelipdir. Halk döredijiliginiň şahyrana eserleriniň hatarynda söýgi baradaky aýdymlar, hüwdüler, sanawaçlar, toý aýdymlary, rowaýatlar, ertekiler, hekaýatlar mazmun taýdan barha baýlaşyp, çeperçilik babatda has-da kämil derejä ýetirilipdir.

“Ylmy we medeni durmuş habarlary” bölüminde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy, medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär.

Neşir “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň 2024-nji ýylda çap edilen sanlarynyň makalalarynyň mazmuny bilen jemlenýär. Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleriniň we fotosuratlarynyň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelip, giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

Soňky habarlar
15.05
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
14.05
Türkmenistanyň Prezidenti “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
14.05
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi
14.05
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
14.05
“Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine “Petronas Çarigali Sdn. Bhd.” we “ADNOC Turkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
14.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
14.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
14.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “PETRONAS” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy
14.05
Hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýolunda täze ädim
13.05
Merkezi Aziýa ýurtlary howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýär
top-arrow