Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
«Russia Halal EXPO» halkara sergä gatnaşyjylara ýurdumyzda ýetişdirilen gök we miwe önümleri hödür edildi
Ykdysadyýet
«Russia Halal EXPO» halkara sergä gatnaşyjylara ýurdumyzda ýetişdirilen gök we miwe önümleri hödür edildi
Çap edildi 16.05.2025
3112

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

«Russia Halal EXPO 2025» halkara sergisinde Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Kazanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlaryna hem-deolaryň talyp ýoldaşlaryna sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we miwe önümleriniň köp görnüşleriniň hödür edilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Hiç hili goşundysy bolmadyk we ekologiýa görkezijileri boýunça ýokary halkara talaplaryna laýyk gelýän önümler sergä gatnaşyjylara-da hödür edildi. Munuň özi paýhaýly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ýörülgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmen güneşiniň çogundan iýmitlenip, bereketli toprakda biten datly gök önümlerden we ir-iýmişlerden dadan adamlar, talyp ýaşlar halkara derejesinde geçirilýän serginiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan ynsanperwerlikli ýörelge üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hem-de sergini guraýjylara tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny aýtdylar. Bellenilişi ýaly, bu önümleriň bazarlyk görnüşi we olaryň tagamy ynsan saglygy üçin tenekar önümler hökmünde ykrar edilendir.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow