Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan dünýä bazarynda ornuny pugtalandyrýar
Ykdysadyýet
Türkmenistan dünýä bazarynda ornuny pugtalandyrýar
Çap edildi 16.05.2025
2795

Ýurdumyzyň «Russia Halal Expo» halkara sergisine gatnaşmagy Russiýanyň iri sebitleri we beýleki sergä gatnaşýan döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň dünýäniň halal bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge we geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Milli pawilýony ýurdumyzyň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda onuň hususy ulgamynda gazanýan üstünlikleri, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Döwrebap bazar gatnaşyklary esasynda ösdürilýän ýokary netijeli, köpugurly ykdysadyýeti kemala getirmek, senagatlaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek bilen bagly wezipeleri çözmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň esasy maksadydyr.

Amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler Watanymyzy okgunly ösdürmäge, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary we ýokary tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow