Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 04.06.2025
650

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň maý aýyndaky sany okyjylara ýetirildi. Däp bolşy ýaly, neşir ajaýyp döwrümizde gazanylýan ýeňişlere, ýetilýän belent sepgitlere türkmen ýaşlarynyň goşýan goşandyny wasp edýär.

«Arkadag» futbol toparynyň gazanan taryhy ýeňşi (AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempionlygy) we bu ýeňiş mynasybetli geçirilen dabaralar ýaşlar neşiriniň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda beýanyny tapýar. «Watan goragy belent jogapkärçilik, jana-jan borç» atly makala bolsa Ýeňiş gününe bagyşlanypdyr.

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň Ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy hem žurnalyň täze sanynyň ilkinji sahypalaryndan mynasyp orun tapypdyr. 

Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň kazyýetiniň wekili tarapyndan ýazylan makala Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanýar. «Gözelligiň göwher gaşy» atly makalada 25-nji maýda milli güni bellenilen ak şäherimiz Aşgabat wasp edilýär. Ugurdaş makalalaryň biri iňlis dilinde hem paýlaşylypdyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Hytaý Halk Respublikasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy «Sebitara gatnaşyklaryň täze sahypasy» atly makalada beýanyny tapýar. Şol sahypalarda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň üstünlikli gadamlary baradaky makalany hem okap bilersiňiz.

Neşiriň şu ýyldaky sanlarynyň esasy aýratynlyklarynyň biri dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen barha ilerleýän gatnaşyklara bagyşlanan makalalara agram berilmegidir. «Ykdysady hyzmatdaşlyk ilerledilýär» atly makalada bu däp ýöredilýär. 

«Ýaşlar ylym dünýäsinde» atly tapgyr neşiriň täze sanynda hem dowam etdirilýär. Neşirde ýaş alymlaryň ýene ikisiniň netijeli ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär. Neşir täze sanynda okyjylaryna döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerine, ýaşlaryň ykdysady bilimleriniň artdyrylşyna bagyşlanan täsirli makalalar hem paýlaşylýar.

«Taryhyň täsin ýadygärligi» atly makalada Tagtabazar etrabyndaky Ýekegowak ýadygärligi barada gyzykly maglumatlar berilýär. Sol sahypalarda ýerleşdirilen daşky gurşawa bagyşlanan, çeperçilik sungaty barada gürrüň berýän makalalar hem täsirli bolupdyr. Däp bolşy ýaly, neşirde döwürdeş şahyrlaryň birnäçesiniň şygyrlary hem paýlaşylýar.

«Hünärim bar — geljegim bar» atly makala, adyndan hem belli bolşy ýaly, ýakyn geljekde has ýörgünli boljak hünärler barada maglumat berýär. «Ak kepderi — parahatçylygyň nyşany» atly makalada bu ynanç barada täsirli maglumatlar ýetirilýär.

Däp bolşy ýaly, žurnalyň ahyrky sahypalaryndan aýlyk täleýnama, şahyrana oýlanma we ýene bir tagamyň taýýarlanylyşy barada maglumatlar hem bar. Şeýle hem okyjylar «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen hem tanşyp bilerler. 

Soňky habarlar
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany
03.07
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
02.07
M.Sapargulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow