Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär
Jemgyýet
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär
Çap edildi 08.06.2025
3232

Türkmenistanda külli yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri bolan ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, ýurtda Gurban baýramy üç günläp, 6-njy, 7-nji we 8-nji iýunda bellenilýär. Şeýle-de şol resminama bilen, Gurban baýramy mynasybetli 8-nji iýundaky dynç güni 9-njy iýuna, duşenbe gününe geçirildi.

Gurban baýramy döwlet derejesinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň baýramçylyk meýdançalarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, ähli şäherlerdir obalarda aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik dabaralary, haýyr-sogaply çäreler ýaýbaňlandyrylyp bellenilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän belent ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow