Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 16.06.2025
3098

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah mata we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin nebithimiýa önümlerini — polipropileni, binýatlyk ýagy, nebit koksuny we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem ownuk däneli hlorly kalini, tehniki uglerody we ýody («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, buýan köküniň ekstrakty, nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata hem-de jins matasy, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 1 milliard 139 million manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow