Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Täze halkara ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlar
Ykdysadyýet
Täze halkara ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlar
Çap edildi 02.07.2025
327

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hususyýetçilik pudagy hil taýdan täze taryhy tapgyra gadam basdy. Telekeçiligi yzygiderli ösdürmek bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başy başlanan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemişe Watanymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze senagat önümçiliklerini döretmekde, azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän hususy pudagy ilerletmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmak syýasatyny alyp barmak bilen, Türkmenistan amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertlerini döredip, telekeçilik işini hemmetaraplaýyn höweslendirýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda degişli kanunlar kämilleşdirilýär, netijeli býujet, salgyt, bank syýasatlary durmuşa geçirilýär. Döredilýän mümkinçilikleriň we ýeňillikleriň netijesinde türkmen telekeçileri ýyl-ýyldan täze iş ugurlaryny özleşdirýärler, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini içgin öwrenýärler, işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýýarlar hem-de Türkmenistany kuwwatly, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge mynasyp goşant goşýarlar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, maýa goýum Maksatnamasynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, täze innowasion kärhanalaryň açylmagyna, ykdysadyýeti dolandyrmagyň has netijeli usullarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Kiçi we orta telekeçiligiň işewürlik başlangyçlaryna döwlet tarapyndan berilýän ägirt uly goldawlar maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna, döwlet eýeçiligine degişli desgalaryň hususylaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatyň durmuşa geçirilmegine, netijede, içerki bazaryň ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün edilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşany bilen öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler daşarky bazarlarda hem üstünlikli ýerlenilýär. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara sergilere, maslahatlara, işewürlik forumlaryna işjeň gatnaşyp, Watanymyza mynasyp wekilçilik edýärler.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylym-bilim binýadyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 27-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik, işewürlik pudagyna goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň kararyny makullady hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana, täze döredilýän uniwersitetiň ýolbaşçylaryny bellemek bilen bagly degişli resminamalara gol çekdi.

Açylmagyna taýýarlyk görülýän Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan bakalawr maksatnamasy boýunça talyplar okuwa kabul ediler. Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrligine Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna hem-de tassyklanylmagyna; täze ýokary okuw mekdebiniň bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine; taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanylmagyna ýardam bermek tabşyryldy. Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň işewürlik pudagy üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlaýan esasy bilim ojagyna öwrüler. Bu ýerde sapaklary geçmek üçin bellenilen tertipde daşary ýurtly mugallymlar we hünärmenler çagyrylar.

Täze halkara ýokary okuw mekdebinde mynasyp bilim alan zehinli, maksada okgunly telekeçileriň täze nesli milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän hususy pudagynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine, ýurdumyzyň durnukly we gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döwrüň belent maksatlaryna ýetmäge möhüm goşant goşar.

Soňky habarlar
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany
03.07
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
02.07
M.Sapargulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow