Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 14.07.2025
4045

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt  puluna Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri binýatlyk ýagy (“Türkmennebit” döwlet konserni), suwuklandyrylan gazy, şeýle hem hlorly natrini (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekillerine arassalanmadyk guradylan buýan köki, boýalan matalar we erkek köýnekler, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň  jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak  boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 5  million 818 müň manatdan gowrak bolan buýan köküniň goýy ekstraktyny, binýatlyk ýagy, gazbeton bloklaryny, pagta soapstogynyň hem-de pagtanyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar. 

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow